6-njy awgustdaky Awaza çäreleri dünýäniň media giňişliginde nähili seslenme tapdy?

6-njy awgustdaky Awaza çäreleri dünýäniň media giňişliginde nähili seslenme tapdy?

Şu günler dünýä metbugaty işewür toparlaryň we syýasatçylaryň, şeýle hem millionlarça adamlaryň ünsüni Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de Milletler Bileleşigi tarapyndan goldanylan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna çekdi. Elbetde, gürrüň Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda 6-njy awgustda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy barada barýar.

Awazada geçirilen çärelere çagyrylan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň metbugat gulluklarynyň hem-de “RIA Novosti”, “France-Presse”, “Associated Press” we beýleki iri daşary ýurt habarlar agentlikleriniň žurnalistleriniň habar bermekleri bilen, türkmen Lideriniň we onuň ýokary derejeli kärdeşleriniň çykyşlaryndan parçalar bada-bat dünýäniň habarlar giňişliklerine ýaýyldy.

Dünýä metbugaty Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), “Türkmenistan: Altyn asyr” habar saýtlarynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary birleşdirmegiň hem-de bähbitleriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellän taraplaryna ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykdaky çykyşynda: “Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň işjeň we doly görnüşde gatnaşmagy arkaly amala aşyrylmagynyň zerurdygy, bu hyzmatdaşlygyň, sebitiň içinde bolşy ýaly, daşarky çäkleri boýunça hem kuwwatly energetika düzümini döretmäge gönükdirilmelidigi aýdyňdyr” diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryna elektrik energiýasyny hem-de tebigy gazy ibermegi ep-esli artdyryp biler” diýen sözbaşy astynda “Trend” habarlar agentligi hem-de Arkalaşygyň çäklerinde meşhur bolan “SNG.TODAY” elektron neşiri öz makalalaryny ýaýratdylar.

Metbugat we internet neşirleriniň köp sanlysy goňşy Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ara alyp maslahatlaşan möhüm meselesi bolandygyny bellediler. Russiýa Federasiýasynyň “RIA Novosti” habarlar agentliginiň ýokary derejeli foruma gatnaşyjylaryň çykyşlaryna salgylanyp belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi köp babatda Owganystandaky ýagdaýyň syýasy ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna baglydyr.

“Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Owganystanda tizden-tiz parahatçylygy üpjün etmäge ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler” diýip, “TASS” habar berdi.

Russiýa Federasiýasynyň ýene bir iri habarlar agentligi “Interfax”, öz nobatynda, pandemiýa garşy göreşde sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň forumyň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentleriň täze görnüşli ýokanjyň gelip çykyş tebigatyny öwrenmek babatynda bilelikdäki barlaglary, şeýle hem ýokanç keselleri bejermegiň, olaryň öňüni almagyň täze usullarynyň işlenip taýýarlanylmagyny hem-de ornaşdyrylmagyny höweslendirmek barada ylalaşyga gelendikleri nygtaldy.

Daşary ýurtlaryň meşhur neşirleriniň ählisi diýen ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň birek-birek bilen habarlaşyp, özara bähbitleri nazara almagyň esasynda, hoşniýetli goňşuçylygyň, hormat goýmagyň köpasyrlyk tejribesine, egsilmez ynsanperwer, adamçylyk gatnaşyklaryna, medeniýetiň, diniň, däp-dessurlaryň umumylygyna daýanyp, öz ýörelgelerimizi açyk we ynanyşmak bilen beýan edip, çözüp bilmejek meselämiz ýokdur” diýen sözlerini mysal getirdiler.

TURKMENISTAN.RU meşhur internet gazeti: “Konsultatiw duşuşykda çykyş eden Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bildirilen myhmansöýerlik, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirdiler hem-de bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler” diýip ýazýar.

Köp sanly elektron neşirler, hususan-da, GDA-nyň “Goşulyşmak giňişligi” internet-portaly Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamany kabul etmegi bilen tamamlanandygyny, onda energetika, söwda, logistik gatnaşyklar babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we sebitde COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

 “MIR 24” internet saýty ýokary derejede geçirilen duşuşygyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň “Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň” ilkinji eýesi bolandygyny nygtadylar. Täjigistanyň Baştutany bu sylagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara giňişlikde bilelikdäki bähbitleri we başlangyçlary öňe ilerletmeginde bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, forumyň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi. Onda zenanlaryň döwlet durmuşynyň syýasy, durmuş-ykdysady ugurlaryna gatnaşygyny giňeltmek üçin milli we sebitleýin derejelerde kabul edilmegi zerur bolan teklipler, çäreler kesgitlenildi.

Dünýä metbugaty konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylaryň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz menzilinde ýaýbaňlandyrylan Halkara sergisine baryp görmeklerine möhüm ähmiýet berdi.

Birnäçe makalalar sebitiň ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konsertine bagyşlanypdyr. Dünýä metbugaty türkmen sungat ussatlary bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň belli artistleriniň gatnaşmagynda gadymy Hazaryň kenarynda geçirilen uly döredijilik baýramçylygynyň ýokary derejeli çäreleriň jemlenmesi, onuň dabaralanmagynyň nyşany bolandygyny nygtady.