Aşgabatda jemagat hojalygy düzümleriniň işine sanly ulgam ornaşdyrylar

  • 20.07.2021 09:30
  • 8.2k+

Aşgabatda kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desgadaky gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy durmuşa geçirýär. Bu barada Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem öňde boljak şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly 19-njy iýulda geçirilen iş maslahatynda habar berildi.

Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa paýtagtymyzyň jemagat hojalyk düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Olaryň işine innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy hem-de dünýädäki iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza şäher häkimligi tarapyndan satyn alnan we jemagat gulluklary üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglary gysga möhletde getirmek hem-de işe girizmek üçin zerur çäreler görülmelidir.
Türkmen Lideri paýtagtymyzyň düzümlerini kämilleşdirmegiň meseleleri barada aýdyp, häkime Aşgabatdaky agyz suwy zawodyny düýpli abatlamak, könelişen suw geçirijileri döwrebaplaşdyrmak hem-de suwuň ygtybarly halkalaýyn suw üpjünçilik ulgamyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutany paýtagtymyzda köprüleri we ýollary abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.
Soňra wise-premýer Ç.Purçekow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän medeni we durmuş maksatly binalar barada hasabat berildi.
Şeýle hem “Altyn kölüň” kenarynda dynç alyş zolagynda binalary we desgalary hem-de Aşgabat şäherinde täze medeni merkezi gurmak üçin potratçylary saýlap almak boýunça yglan edilen bäsleşikleriň dowam edýändigi habar berildi.
Paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak we binagärlik keşbini kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize taýýarlanylan şekil taslamalary boýunça gymmatly maslahatlaryny bermegi haýyş etdi.
Döwlet Baştutany şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalaryň taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak barada görkezme berdi. Şol taslamalara ýakyn wagtda serediler.
Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow A.Saparowy senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesine belläp hem-de degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.


düýn 01:10
2.2k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 15:44
9.5k+

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli maşgalalara täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna il sylagly......

26.05.2026 13:11
3.7k+

«Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi we maslahaty üstünlikli jemlendi

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24-25-nji maýda dowam eden «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara köpugurly sergisi we maslahaty işjeň ýagdaýda geçirildi. Bu giň möçberli çäre tejribeleri alyşmak,......

25.05.2026 11:17
9.3k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....