Robert Lewandowski «Altyn butsa» eýe boldy

  • 25.05.2021 11:46
  • 7k+

«Bawariýanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Ýewropada möwsümiň iň gowy bombardiri hökmünde «Altyn butsy» baýragyny aldy diýip, matchtv.ru habar berýär.

Polşaly futbolçy Bundesliganyň 29 oýnunda 41 gol geçirdi. Baýrak üçin dalaş etmekde ikinji orny «Barselonanyň» kapitany Lionel Messi (30 gol) eýeledi. Ilkinji üçlügi «Ýuwentusyň» oýunçysy Kriştianu Ronaldu (29 gol) jemledi.
Lewandowski karýerasynda ilkinji gezek «Altyn butsa» eýe bolýar.

«Altyn butsy» baýragyna dalaşgärleriň sanawy şeýle görnüşde:

  1. Robert Lewandowski (“Bawariýa”) – 82 utuk (41 gol);
  2. Lionel Messi (“Barselona”) – 60 utuk (30 gol);
  3. Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”) – 58 utuk (29 gol);
  4. Andre Silwa (“Aýntraht”) – 56 utuk (28 gol);
  5. Kilian Mbappe (“PSŽ”) – 54 utuk (27 gol);
  6. Erling Holand (Dortmundyň “Borussiýasy”) – 54 utuk (27 gol);
  7. Romelu Lukaku (“Inter”) – 48 utuk (24 gol);
  8. Herard Moreno (“Wilýarreal”) – 46 utuk (23 gol);
  9. Karim Benzema (“Real”) – 46 utuk (23 gol);
  10. Harri Keýn (“Tottenhem”) – 46 utuk (23 gol).
18.12.2021 23:47
6.6k+

Lewandowskiý Gerd Mýulleriň rekordyny täzeledi

Germaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň oýnunda “Bawariýa” futbol kluby 4:0 hasabynda “Wolfsburgy” ýeňdi. Duşuşyk Mýunhendäki “Alýans-Arenada” geçirildi.  Gol geçirmekde Tomas Mýuller (7-nji minut), Daýo Upamekano...

19.08.2021 02:03
6.7k+

«Bawariýa» Germaniýan­yň Superkubogyny aldy

Germaniýanyň Superku­bogy ugrundaky oýunda­ Dortmundyň "Borussiý­asy" öz meýdançasynda­ mýunhenli "Bawariýan­y" kabul etdi. Duşuşy­k Dortmunddaky “Signa­l Iduna Park” stadion­ynda geçirildi we myh­manlaryň peýdasyna...

şu gün 16:14
1.3k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 14:43
3.3k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....