Türkmenistanda şu hepde howanyň ortaça temperaturasy +39 gradusa çenli gyzar

  • 24.05.2021 12:47
  • 15k+

Şu hepdede Türkmenistanda, seýrek ýagdaýlardan başga wagt, bulutsyz yssy howa höküm sürer. Şeýle çaklamany Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy berýär.

Duşenbe-çarşenbe günleri Aşgabat we Ahal sebitlerinde howanyň +38 derejede bolmagyna garaşylýar. Penşenbe we anna günleri termometriň görkezijisi +32 derejä çenli peseler, az-kem bulutly bolmagy ahmal. Hepde +39 dereje bilen tamamlanar.
Balkan sebitinde howanyň has durnuksyz bolmagyna garaşylýar. Duşenbe güni howanyň temperaturasy +37 dereje bolar. Penşenbe güni +31-e düşer. Şol gün ýyldyrym çakyp, az-kem ýagyş ýagar. Şenbe we ýekşenbe günleri termometr ýene +38 derejä ýeter.

Daşoguz sebitinde duşenbe-penşenbe günleri temperatura +38 dereje bolar. Anna güni az-kem salkynlap, +35 dereje bolup, ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Şenbe we ýekşenbe günleri demirgazyk sebitiň ýaşaýjylaryna ýene-de +38 - +39 derejedäki howa garaşýar.
Mary sebitinde durnukly yssy howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepde +37 derejeden başlasa, penşenbe gününe çenli termometr +40 derejä ýeter we hepdäniň ahyryna çenli bu bellikde galar diýlip çaklanylýar.
Lebap sebitiniň ýaşaýjylaryna hem şolar ýaly howa garaşýar. Hepde +37 derejeden başlap, anna gününe çenli kem-kemden +40 derejä çenli gyzar.

22.06.2026 14:18
6.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......