ITALIÝA — «Ýewrowideniýe-2021-iň» ýeňijisi

  • 23.05.2021 11:34
  • 9k+

22-nji maýda Niderlandlaryň Rotterdam şäherinde geçirilen aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Italiýa wekilçilik eden Maneskin rok gruppasy «Zitti e buoni» (Ýuwaşlar we ümsümler) aýdymy bilen ýeňiji bolmagy başardy. 

Bäsleşikde fransiýaly aýdymçy Barbara Prawi «Voilà» (Ine, şeýle) atly aýdymy bilen ikinji orny eýeledi. Baýrakly üçünji orna bolsa «Tout l’Univers» (Bütin dünýä) atly aýdymy bilen şweýsariýaly aýdymçy Gjons Tears mynasyp boldy. 

Russiýanyň adyndan wekilçilik eden, milleti boýunça täjik Maniža «Russian Woman» (Rus zenany) atly aýdymy bilen sanawda 9-njy orny eýeledi. 

Aýdym-saz muşdaklarynyň iň söýgüli bäsleşikleriniň biri bolan «Ýewrowideniýäniň» 2021-nji ýylda 65-nji gezek geçirilen nobatdaky bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Kipr, Albaniýa, Ysraýyl, Belgiýa, Russiýa, Malta, Portugaliýa, Serbiýa, Beýik Britaniýa, Gresiýa, Şweýsariýa, Islandiýa, Ispaniýa, Moldowa, Germaniýa, Finlýandiýa, Bolgariýa, Litwa, Ukraina, Fransiýa, Azerbaýjan, Norwegiýa, Niderlandlar, Italiýa, Şwesiýa, San-Marino ýaly jemi 26 döwletiň aýdymçysy wekilçilik etdi.

şu gün 12:00
385

ILPOTY 2025: Emin agzalary halkara peýzaž fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini saýladylar

"Ýylyň halkara peýzaž suratçysy" (International Landscape Photographer of the Year, ILPOTY) halkara bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylaryň iberen 3600 suratynyň arasyndan iň gowularyny saýladylar...

şu gün 11:33
603

Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar

Netflix akym platformasy 82,7 mlrd dollara Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi. Şertnama tamamlanandan soň, platforma Warner Bros. kinostudiýasyna, HBO we HBO Max kanallaryna, şeýle-de filmleriň we seriallaryň giň toplumyna eýe bolar...

şu gün 06:00
6.2k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.12 - 14.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar...

düýn 12:18
1.5k+

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...