Google dünýäde näçe sany “Android” smartfonlarynyň bardygyny aýtdy

  • 22.05.2021 20:59
  • 11k+

"Google I/O 2021" konferensiýasynyň çäginde kompaniýanyň önümler boýunça wise-prezidenti Samir Samat çykyş etdi. Ol öz çykyşynyň dowamynda bütin dünýäde näçe sany “Android” smartfonlarynyň bardygyny mälim etdi. Bu barada msn.com habar berdi.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Ýer ýüzünde 3 milliarddan gowrak smartfon "ýaşyl robot" bilen işleýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, olaryň sany 2019-njy ýylda 2,5 milliard töweregi bardy. 2017-nji ýylda bolsa 2 milliarddy. Ýönekeý matematiki hasaplamalar “Android” smartfonlarynyň sanynyň şu depgin bilen 2030-njy ýyla çenli 5 milliarda ýetjekdigini görkezýär.
Bu maglumaty anyklamak üçin çeşme hökmünde "Google Play" programma dükanyna sagylanylandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler bu statistikanyň doly däl bolmagynyň hem mümkindigini, sebäbi dünýäde ýene nijeme "Androidli" enjamyň öçük ýatan bolmagynyň hem ähtimaldygyny belleýärler.

düýn 23:22
170

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......