Moldowaly aýdymçy "Ýewrowideniýäniň" rekordyny täzeledi

  • 22.05.2021 20:56
  • 8.7k+

33 ýaşly moldowaly aýdymçy Natalýa Gordienko "Ýewrowideniýe" aýdym-saz bäsleşiginde garaşylmadyk ýagdaýda rekord goýdy. Ol şüweleňiň taryhynda iň uzyn notany almagy başardy diýip, Sputnik gullugy habar berdi.

Moldowaly aýdymçy aýdym-saz bäsleşigine belli prodýuser Filip Kirkorow bilen geldi. Ol ýaryşyň ikinji ýarym finalynda "Sugar" aýdymy bilen çykyş etdi. Gordienko ýarym finaldaky çykyşy bilen tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başardy geň galdyrdy we "Ýewrowideniýe-2021"-iň finalyna çykdy.
Metbugat ýygnagynda Gordienko şüweleňiň rekordyny täzeländigini belledi: nota 17 sekunt dowam etdi.
Gordienkonyň rekordyna sebäp bolan "Sugar" aýdymyny Kirkorow kompozitor Dimitris Kontopulos we şahyr Mihail Gutsiriýew bilen bilelikde ýazdy.

şu gün 12:18
462

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

şu gün 12:06
1k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

şu gün 12:02
638

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

şu gün 12:00
1.1k+

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...