Türkmenistanyň Prezidenti owgan kärdeşi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

  • 14.05.2021 18:05
  • 5.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşmagynda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy aýdyň mysal hökmünde görkezildi.
Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe tarapyndan gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigini, sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ägirt uly goşant boljakdygyny nygtadylar.
Döwlet Baştutanlary mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi ýene-de bir gezek gutlap, dostlukly ýurtlaryň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

şu gün 10:56
1.2k+

ABŞ-nyň ýaryndan gowragy asyryň iň uly gurakçylygyny başdan geçirýär

ABŞ-nyň ýaryndan köpüsini gurakçylyk gurşap aldy. Bu soňky 25 ýylyň iň uly gahatçylyklarynyň biridir....

şu gün 08:13
967

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

düýn 23:15
4.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......