Injiriň düzüminde antibakterial maddalar ýüze çykaryldy

  • 10.05.2021 20:02
  • 15k+

Rus alymlary injiriň himiki düzümini seljerdiler. Netijede onda antibakterial häsiýetlere eýe bolan we antibiotikleriň ornuny tutup bilýän fisiniň bardygyny ýüze çykardylar. Bu barada potokmedia.ru habar berdi.

Fisiniň injir agajyndan, esasanam, onuň lateksinden (kauçuk alynýan ösümlikleriň süýde meňzeş suwy, şiresi) alnyp bilinjekdigi habar berildi. Injiriň dermanlyk aýratynlyklaryny Woronež we Kazan döwlet uniwersitetleriniň, şeýle hem Sankt-Peterburgyň elektrotehniki uniwersitetiniň alymlary öwrendiler.
Fisiniň aýratynlyklary eýýäm syçanlarda mazlaryň düzüminde synag edilip görüldi. Netijede ol ýaralary, stafilokok bakteriýalaryny we ýazwany bejermekde netijeliligini subut etdi. Görnüşi ýaly, maza fisiniň goşulmagy bejeriş prosesini bir ýarym esse çaltlaşdyrdy.

şu gün 08:29
1.3k+

Täze gözleg: biotiniň ýetmezçiligi düwnük öýjükleriniň ösüşini saklaýar

Lozanna uniwersitetiniň alymlary rak öýjükleriniň ejiz tarapyny salgy berip biljek mehanizmi tapdylar we B7 witamininiň ýetmezçiliginde olaryň käbiriniň ösmek ukybyny ýitirýändigini ýüze çykardylar....

düýn 08:18
2.5k+

Bedende süýjüni kadalaşdyrmagyň täze mehanizmi diabeti bejermäge çemeleşmäni üýtgedýär

Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar....

29.04.2026 15:42
1.1k+

Alymlar autizmiň netijelerindäki gapma-garşylyklaryň sebäbini anykladylar

Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze......

26.04.2026 16:11
4k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....