Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

  • 30.04.2021 10:43
  • 20k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Prezidentler ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyga degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Özbegistanyň Prezidenti milli Liderimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, munuň Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatynyň halkyň goldaýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Taraplar pandemiýa sebäpli kyn günlerde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda ýokary depgininiň saklanyp galnandygyna kanagatlandyrma bildirdiler.
Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 3 esseden gowrak artyp, geçen ýylyň jemleri boýunça 530 million dollara deň boldy. 150-den gowrak bilelikdäki kärhanalar döredildi.
Şeýle hem söwda, maýa goýum, senagat, ulag, energetika, maşyngurluşyk, ýeňil we azyk senagaty, oba we suw hojalygy ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi babatda Aşgabat ylalaşygynyň bilelikde ilerledilmegi, şeýle hem Hytaý-Merkezi Aziýa-Günorta Kawkaz-Türkiýe ugry boýunça multimodal geçelgeleriň netijeli ulanylmagy babatda pikir alşyldy.
Özbegistanyň Prezidenti türkmen Liderine Aşgabat şäherinde “Daşkent” seýilgähini döretmek baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boljakdygyny belledi.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi babatynda ýakyn wagtda Daşkentde türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek babatda ylalaşyldy.
Ikitaraplaýyn  gepleşikler tamamlanandan soň, iki dostlukly ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Baş metjidine gelenden soň, kümmete baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyraladylar. Kümmetde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat we doga okadylar. Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi.

şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.7k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......