BMG-niň Baş sekretary Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç bildirdi

  • 26.04.2021 19:09
  • 20k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy bilen bagly gynanç bildirdi.

"Siziň kakaňyzyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim.

Size we Siziň maşgalaňyza hem-de ýakynlaryňyza öwezini dolup bolmajak bu ýitgi zerarly tüýs ýürekden duýgudaşlygymy bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym we hemmeler üçin iň oňat geljegi gurmagyň bähbidine Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hemişe ygrarlydygy baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň" - diýlip hatda aýdylýar.

şu gün 15:00
0

Aşgabatda okuwçylaryň arasynda «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdylar...

şu gün 13:21
340

«Forsažyň» ýyldyzy Win Dizel robot-boksçylar baradaky filmiň ssenarisini ýazar we oňa gatnaşar

«Forsaž» franşizasy boýunça belli bolan aktýor Win Dizel Mattel kompaniýasynyň boksçy robotlar baradaky taslamasynyň ssenariçisi we prodýuseri bolup çykyş eder, şol bir wagtyň özünde-de baş keşbi ýerine ýetirer...

şu gün 13:19
655

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi ýylyň iň gowy filmlerini saýlady

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi (National Board of Review) «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmini soňlap barýan 2025-nji ýylyň iň gowy filmi diýip atlandyrdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär...

şu gün 12:00
718

ILPOTY 2025: Emin agzalary halkara peýzaž fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini saýladylar

"Ýylyň halkara peýzaž suratçysy" (International Landscape Photographer of the Year, ILPOTY) halkara bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylaryň iberen 3600 suratynyň arasyndan iň gowularyny saýladylar...