Türkiýe 55 ýaşdan uly adamlara COVID-19-a garşy sanjym etmäge başlaýar

  • 23.04.2021 23:01
  • 10k+

Türkiýe COVID-19-a garşy sanjym kampaniýasynyň täze tapgyryna girişdi, onuň dowamynda 55 we ondan ýokary ýaşdaky adamlara sanjym ediler.

Köpçülikleýin sanjymyň nobatdaky tapgyry barada Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitterde habar berdi. Muny Anadolu agentligine salgylanmak bilen interfax.az ýetirýär.
Edara ýolbaşçysy görkezilen ýaş kategoriýasyndaky raýatlary sanjym almaga çagyrdy. “Biz üpjünçilik ýagdaýyna baglylykda, sanjym kampaniýamyzy dowam etdireris” – diýip, Koja belledi.
Resmi maglumatlara görä, Türkiýe 14-nji ýanwarda täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy sanjym kampaniýasyny başlany bäri, tutuş ýurt boýunça bu kesele garşy 20 milliondan gowrak sanjym edildi.
Häzirki günde 12,2 milliondan gowrak adam birinji dozany aldy, ikinji dozany bolsa tas 7,8 million adam aldy.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....