R.Meredow Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 09.04.2021 14:15
  • 13k+

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi babatda pikir alşyldy. Söhbetdeşler şeýle hem koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýy maslahatlaşdylar. 

Tatarystan Respublikasynyň metbugat-gullugynyň habar bermegine görä, taraplar şeýle hem ykdysadyýet ulgamynda bilelikdäki taslamalary dowam etmek we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ösdürmek meselelerine degip geçdiler.

düýn 16:45
1.9k+

Bitkoin täze rekord goýdy: 122 müň dollar!

Bitkoiniň hümmeti 122 müň dollardan geçip, ýene-de taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. Binance biržasynyň maglumatlaryna görä, Aşgabat wagty bilen 12:29-a çenli ýagdaýa görä, kriptowalýuta 3,94% gymmatlap, 122,5 müň dollar derejesinde satylýar...

düýn 13:34
9.6k+

Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi

13-nji iýulda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady...

düýn 12:37
5.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi

13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi...

düýn 11:15
4.5k+

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi...