Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna çykmaga ýakyn

  • 01.04.2021 16:31
  • 33k+

Katarda geçiriljek Dünýä çempionatyna saýlama oýunlary eýýäm güýçli depgin bilen badalga aldy. Ýakyn wagtda bize has gyzykly oýunlar garaşýar. Dünýäniň naýbaşy futbol ýaryşyna Aziýadan 6 topar gatnaşar. «Kabul ediji ýurt» hökmünde, Kataryň milli ýygyndysy ýaryşa gatnaşmagyny eýýäm kepillendirdi. Dört topar ýaryşyň final tapgyryna çykar, ýene bir topar bolsa kontinentara pleý-offda bäsleşer.

Saýlama ýaryşy 4 tapgyrdan ybaratdyr.
Birinji tapgyr: Reýtingdäki iň aşakdaky 12 milli ýygyndy biri-birine garşy oýun geçirdi. 6 ýeňiji indiki tapgyra çykdy.
Ikinji tapgyr: 40 topar 8 toparça bölündi. 8 ýeňiji we ikinji ýerdäki iň oňat dört topar indiki tapgyra çykar we 2023-nji ýyldaky Aziýanyň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanýar.
Üçünji we dördünji (final) tapgyrlar soň yglan ediler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýada 20-nji , dünýäde bolsa (FIFA-nyň reýtingine görä) 132-nji ýerde durýar we awtomatiki usulda ikinji tapgyra çykdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan 5 oýunda 9 utuk toplap, öz toparçasynda 1-nji orny eýeleýär we geçirilen we goýberilen gollarynyň tapawudy 8-5-e barabar. Ýöne, onuň edil yzyndan 8 utuk we 10-0 gol tapawudy bilen beýlekilerden bir oýun az oýnan Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy gelýär.
Milli ýygyndymyz ikinji saýlama tapgyryny esasy bäsdeşimiz Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysyna garşy oýun bilen dowam etdirer. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun garşydaşlaryň peýdasyna 0:2 hasabynda tamamlanypdy.
Geljekde - 11-nji iýunda bize Liwanyň milli ýygyndysy bilen boljak gyzykly oýun garaşýar. Ilkinji duşuşykda Liwan 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Saýlama ýaryşlaryň ikinji tapgyry KHDR-e garşy duşuşyk bilen tamamlanar. Bu iki ýygyndy toparyň arasyndaky birinji duşuşyk 3-1 hasabynda tamamlanypdy. 90+4 minutda «Ýuwentusyň» öňki oýunçysy Han Kwan Son toparyndan ýeke-täk pökgini geçirmegi başarypdy.

Ine, şu duşuşyklarda ýigitlerimiz utuklaryň mümkin bolan köplügini gazanmaga synanyşmaly hem-de Koreýa Respublikasynyň säwlik goýbermegine garaşmaly. Bardy-geldi Günorta-Gündogar Aziýadan bu ýygyndy ýaryşdaky ähli duşuşyklaryny üstünlikli geçiräýen halatynda-da, biziň milli ýygyndymyza toparynda ikinji orny eýelän iň gowy 4 ýygyndynyň biri bolmaga mümkinçilik bar.
Toparda ikinji orny eýelän iň gowy ýygyndy kesgitlenilende, topardaky bäşinji ýygyndy bilen oýnalan duşuşyk hasaba alynmaýar. Biziň ýagdaýymyzda Şri-Lanka bilen oýun hasaba alynmasa gerek (çünki hut şu ýygyndy toparda soňky orny eýelemegi gaty ahmal).
Utuklar deň bolan ýagdaýynda iň gowy ikinji ýeri kesgitlemek üçin şu şertler ulanylar:

  • Geçiren hem-de geçirden gollarynyň aratapawudy;
  • Geçiren gollarynyň jemi sany;
  • Özara duşuşyklarda gazanylan utuklaryň sany;
  • Özara duşuşyklarda geçirilen gollaryň jemi sany;

Çylşyrymly ýoluň aglaba bölegi yzda galdy, geljekde bize aýgytlaýjy duşuşyklar garaşýar.
TmCars-yň adyndan milli ýygyndymyza üstünlik arzuw edýäris!

şu gün 01:02
164

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

düýn 18:10
2.8k+

Aljameýn Sterling Ýussef Zalaldan üstün çykdy: UFC Fight Night 274 ýaryşynyň netijeleri

26-njy aprelde Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) «UFC Fight Night 274» ýaryşy tamamlandy. Agşamyň esasy tutluşygynda UFC-niň iň ýeňil agramyndaky öňki çempiony, amerikaly Aljameýn Sterling ýarym ýeňil agramyň......

25.04.2026 15:19
1.2k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.5k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....