Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň resmi däl maslahatyna gatnaşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň resmi däl maslahatyna gatnaşdy

31-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bu gezekki maslahata Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türki geňeşiň Baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdylar.
Forumyň gün tertibine umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň meseleleri girizildi.
Türkmen döwletiniň Baştutany öz çykyşynda ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni halkara ähmiýetli käbir meselelere çekdi.
Türkmenistan halkara guramalaryň çäklerinde, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde bütindünýä energiýa howpsuzlygy boýunça gepleşikleriň ýola goýulmagyny teklip etdi. Bu ugurda işlenip düzülen degişli Kararnamalar Guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan giň goldaw tapdy. Türkmen tarapy ählumumy energiýa howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýän ýurtlary bu işe işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini, şol sebäpli ýurdumyzyň nebitgaz serişdeleriniň we elektrik energiýasynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barjakdygyny nygtap, munuň ähli ýurtlar, şol sanda türki dilli döwletler üçin hem örän peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk pudagynyň häzirki döwürde möhüm ähmiýetli ykdysady ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp, türki dilli ýurtlaryň bu ugurlarda ýokary netije berýän bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin örän uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady.
Türkmenistanyň halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ekologiýany we daşky gurşawy goramakdyr. Bu häzirki döwürde jemgyýetiň we durmuşyň derwaýys soraglarynyň biri bolup durýar. Merkezi Aziýa sebiti barada aýdylanda, ilkinji nobatda, Aral deňziniň çylşyrymly ýagdaýy ünsi çekýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam etdirip, bu ekologik wehim Aralýaka sebitde we beýleki döwletlerde ýaşaýan halklaryň durmuşyna we saglyk ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär diýip belledi. Şu sebäpli hem, agzalan heläkçiligi we onuň oňaýsyz täsirlerini aradan aýyrmak gaýragoýulmasyz häsiýete eýedir.
Maslahata gatnaşýan döwlet Baştutanlary öz çykyşlarynda ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy, hyzmatdaş ýurtlaryň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglylykda, sammitiň ähmiýetini bellediler.
Bu halkara gurama 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredildi. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy Türki geňeşiň agzalary bolup durýar.