Türkmenabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçuş amala aşyryldy

  • 26.03.2021 13:10
  • 29k+

25-nji martda Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Moskwa ýörite uçuş amala aşyryldy. Ýörite uçuş Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. S7 awiakompaniýasynyň 8536 belgili ýörite gatnawy 176 sany ýolagçyny alyp gitdi. Bu barada ilçihananyň resmi saýty habar berýär.

Bu gatnaw 2020-nji ýylyň martynda Türkmenistan bilen yzygiderli howa gatnawlary togtadylandan bäri guralan dokuzynjy uçuşdyr. Mundan öň, RF-niň ilçihanasy 28-nji fewralda 173 ýolagçy üçin uçuşy gurady.

düýn 10:04
6.8k+

A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar...

düýn 09:57
2.7k+

Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi

Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy...

05.12.2025 17:42
2.7k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

05.12.2025 17:28
2.6k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär...