Wedbush: 2021-nji ýylda ­Apple iPhone satuwy boýunça rekord goýar

  • 25.03.2021 12:52
  • 10k+

“Apple” amerikan kompaniýasy 2021-nji ýylda “iPhone” satuwy boýunça rekord goýar. Şeýle çaklamany «Wedbush-yň» analitikleri öňe sürdi diýip, ferra.ru habar berdi.

Şeýlelik bilen, analitikleriň maglumatlaryna görä, şu ýyl kompaniýa, takmynan, 240 million, hatda 250 million sany “Apple” satar. Eger-de bu başa barsa, “iPhone” 2021-nji ýylda hemişelik rekordyny goýar. Kompaniýanyň soňky rekordy 2015-nji ýylda goýlupdy we şonda iPhone satuwy 231 million birlige ýetipdi.
Biraz öňräk Internet ulgamynda ýakyn günlerde çykmagyna garaşylýan "iPhone 13" seriýasynyň sentýabryň üçünji hepdesinde tanyşdyryljakdygy barada maglumatlar ýaýrady. Şol bir wagtyň özünde, “Apple”-iň ony oktýabr aýyna yza süýşürmegi mümkin. Bu maglumatlar analitik Daniel Iwesden alyndy diýip, çeşme habar berýär.

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......