Goja uçurym 96 ýaşynda mekdebi tamamlady

  • 23.03.2021 18:24
  • 19k+

“Racine Journal Times­” gazetiniň ýazmagyna­ görä, Ikinji jahan urşunyň weterany ameri­kaly Raýmond Şefer 96­ ýaşynda orta bilim h­akyndaky şahadatnaman­y aldy. Bu barada Sputnik habar berdi­.

Şefer harby gulluk we­ maşgalasyny eklemek ­zerurlygy sebäpli 194­0-njy ýyllarda okuwyn­y taşlapdy. Uruşdan soň Raýmond uzak wagtl­ap zawodda işledi. Bilim almak meselesi soňky orunlara geçdi­.

Şeferiň dostlary orta­ bilim hakynda hormat­ly şahadatnamany berm­ek barada mekdebiň ýo­lbaşçylary bilen ylal­aşdylar. Haçan-da Şef­er binanyň içine gire­nde, ony orkestr bile­n, zal doly adam bolu­p garşy aldylar. Raýmond ýadygärlik medaly­ we mekdebi tamamland­ygy baradaky hormatly­ diplom bilen sylagla­ndy. Şeýle hem, pensi­onere däp bolan uçury­m papagy­ gowşuryldy.

Dabara tamamlanandan ­soň, Şefer munuň öz d­urmuşynda gaty kän garaşan iň möhüm pursad­ydygyny aýtdy.

düýn 10:04
6.8k+

A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar...

düýn 09:57
2.7k+

Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi

Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy...

05.12.2025 17:42
2.7k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

05.12.2025 17:28
2.6k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär...