Tailand syýahatçylara karantini ýahtada geçirmegi teklip edýär

Tailand syýahatçylara karantini ýahtada geçirmegi teklip edýär

Tailanda gelýän syýahatçylar indi iki hepdelik karantini ýahtalarda (gämi) geçirip bilerler. Ýurduň hökümetiniň pikiriçe, bu diňe pandemiýa sebäpli “çöken” syýahatçylygy dikeltmäge kömek etmän, eýsem, ýahta işewürligine-de, takmynan, iki milliard dollar girdeji getirer diýip, bbc.com habar berýär.

Bu teklip kowid üçin barlagy otrisatel bolan syýahatçylara degişlidir, ýöne bu olary bellenilen möhleti izolýasiýada geçirmek zerurlygyndan boşatmaýar.
Aýry ýahtany kärendesine alyp bilmeýänler üçin Phuketiň kenaryndaky kiçi kruiz gämilerinde kaýutalar hödürlenýär. Hökümet maksatnamasyna 100 töweregi ýahta gatnaşar. Ýolagçylara bedeniň temperaturasyny we gan basyşy bellige alýan, şeýle-de kenara wagtyndan öň çykmak mümkinçiligini aradan aýyrýan GPS funksiýalaryny ýerine ýetirýän ýörite bilezikler berler.
Syýahatçylyk Tailand ykdysadyýetiniň esasy girdeji çeşmesidir. Pandemiýadan öň Tailanda her gün 40-50 müň adam gelýärdi, geçen ýylyň mart aýynda ýurt serhetlerini doly ýapdy we oktýabr aýynda kem-kemden açylyp başlandy. Häkimiýetler aprel ýa-da maý aýyndan myhmanhanalarda karantin ulgamyny ornaşdyrmagy, ýöne şol bir wagtyň özünde myhmanlaryň otaglaryndan çykyp, wagtlaryny rahat geçirmegi üçin şert döretmegi meýilleşdirýärler.