Турция изменит правила въезда

  • 11.03.2021 16:00
  • 66k+

15-nji martdan başlap, Türkiýäniň çägine girmek isleýän daşary ýurtlular ýörite elektron görnüşi doldurmaly bolarlar. Bu barada Syýahatçylyk operatorlary birleşigi (ATOP) iri howa gatnadyjysyna salgylanyp habar berýär. Muny news.mail.ru ýetirýär.

Respublikanyň Saglygy goraýyş ministrligi Türkiýä gelýän ähli uçuşlarda koronawirusa gözegçilik etmek üçin kagyz anketasyny doldurmak baradaky talaplary ýatyrýar. Bu talap kadadan çykma hökmünde diňe üstaşyr geçýän ýolagçylara degişlilikde saklanyp galýar, çünki olar bu resminamany gönüden-göni uçarda doldurmaly bolýarlar. 
Täze düzgünlere laýyklykda, gelýän ýolagçylar syýahatdan 72 sagat öň Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň web sahypasynda blankany doldurmaly bolarlar. Şol bir wagtda resminamany hem çap etdirip almaly, hem islendik elektron enjamyna geçirip almaly. Soňra bu resminamany uçuş wagtynda howa menzilindäki awiakompaniýanyň işgärine görkezmeli.
Şeýle hem, türk bölüminiň web sahypasynda hasaba alnanda syýahatçylardan hökmany suratda ulgamda bolan telefon belgisiniň görkezilmeginiň talap ediljekdigi anyklaşdyrylýar. Ýörite programma syýahatçylara ýurduň içinde aýlanmak, myhmanhanalara ýerleşmek we dürli obýektlere hem-de çärelere gatnaşmak üçin zerur bolan özboluşly HES-kod berer.

 

25.06.2026 23:36
5.9k+

Эйфелева башня закрылась раньше времени: туристам не повезло

Экстремальная жара во Франции привела к изменениям в работе ряда популярных туристических объектов. В частности, в Париже раньше обычного закрыли Эйфелеву башня....

23.06.2026 09:50
5k+

Япония в пять раз повышает стоимость виз для иностранцев

Власти Японии приняли решение увеличить стоимость виз для иностранцев в пять раз, сообщает агентство Kyodo. Данный шаг продиктован ростом инфляции и падением курса йены....

22.06.2026 16:31
5.5k+

Вьетнам изменил правила въезда для иностранных граждан

С 22 июня власти Вьетнама ввели обязательное заполнение электронной карты прибытия для всех иностранных граждан, въезжающих через международные аэропорты страны. Новые правила распространяются как на туристов,......

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Мечта пустыни»: Саудовская Аравия запускает первый в регионе ультралюксовый поезд

В декабре 2026 года в Саудовской Аравии планируется запуск Dream of the Desert — первого на Ближнем Востоке поезда класса «ультра-люкс», созданного для туристических путешествий по стране....