Türkmenistan we BMG birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekdi

  • 03.03.2021 18:48
  • 10k+

2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň barşynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga hem-de «Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge we gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» atly taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasyndaky 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi. 
Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýganda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň pasportlary bolan daşary ýurt raýatlary üçin Türkmenistana gelmegiň we ondan gitmegiň wizasyz tertibini girizmek hakyndaky karary barada Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan resmi habar berýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň werbal notasyny gowşurdy.  
Mälim bolşy ýaly, bu Karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda gol çekildi we oňa laýyklykda, şu ýylyň 2-nji martyndan başlap BMG-niň pasportlarynyň eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna wiza resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga hem-de ondan gitmäge, şeýle-de Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berilýär.  
Bu Kararyň kabul edilmegi 1946-njy ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we eldegirmesizlikleri hakyndaky Konwensiýasyna laýyk gelýär.

düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.3k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

düýn 09:02
1.1k+

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......