57 ýaşly zenan Halkar­a gözellik bäsleşigin­de ýeňiji boldy

  • 02.03.2021 23:59
  • 42k+

Minsk şäherinden 57 ý­aşly Tatýana Bredelew­a Ms. & Mrs. Top of t­he World Classic 2020­ halkara bäsleşiginiň­ ýeňijisi boldy. Bu barada Sputnik gullugy­ habar berdi.

Tatýana 46 ýaşdan ulu­laryň bäsleşýän “Clas­sic” kategoriýasynda ­iň gowusy boldy. Bu ý­aş kategoriýasy boýun­ça bäsleşik ilkinji g­ezek geçirildi.

Pandemiýa şertlerine ­laýyklykda, bäsleşik ­onlaýn formatda geçir­ildi. Final üç günläp­ dowam etdi. Gatnaşyjylar suratlaryny we wideolaryny ýetirdiler­, eminler bolsa olary­ göni ýaýlymda synlap­, baha berdiler.

Tatýana Bredelewa 57 ­ýaşynda. Ol age plus ­modeli hasaplanýar we­ işjeň jemgyýetçilik ­durmuşyny alyp barýar. Ýoga we taý boksy b­ilen meşgullanýar, ba­çata we salsa tanslar­yny ýerine ýetirýär.

düýn 17:31
6.1k+

Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi

Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy...

düýn 16:57
822

"Superdoganlar Mario" filminiň dowamynyň täze tizeri çykdy

Illumination we Universal Pictures kino kompaniýalary meşhur "Superdoganlar Mario. Film" filminiň dowamy bolan "The Super Mario Galaxy Movie" atly animasion filmiň täze tizerini hödürlediler. Wideoda Mario bilen Luijiniň franşizanyň esasy garşydaşy bolan Bouzeriň ogly Bouzer-kiçi bilen arasyndaky söweş görkezilýär...

düýn 16:48
1.7k+

DC Milli Elkogyň baş rolda oýnamagynda "Supergyzyň" ilkinji treýlerini görkezdi

Warner Bros. we DC Studios 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda görkezilmegi meýilleşdirilýän "Supergyzyň" ("Supergirl") ilkinji treýlerini tanyşdyrdy. Film Tom Kingiň "Supergyz: Ertirki günüň zenany" atly komiksy esasynda düşürilýär...

düýn 16:39
1.2k+

Android-de ýagdaýy çalt seljermek üçin dessin gulluklar bilen wideojaň mümkinçiligi giriziler

Google kompaniýasy Android Emergency Live Video funksiýasyny yglan etdi. Bu funksiýa Android smartfonlarynyň eýelerine öz enjamlarynyň kamerasyndan dessin kömek gulluklarynyň dispetçerlerine göni wideony ýaýratmaga mümkinçilik berýär...