BMG: COVID-19 sanjymlary 130-dan gowrak ýurtda elýeterli däl

  • 27.02.2021 17:01
  • 11k+

Dünýäniň 130-dan gowrak ýurdunyň ýaşaýjylary koronawirus ýokançlygyna garşy henizem sanjym alyp bilmeýärler. Bu barada 24-nji fewralda ÝUNESKO-nyň Halkara bioetika komiteti we Bütindünýä ylmy bilimler we tehnologiýa etikasy komiteti (COMEST) tarapyndan berlen bilelikdäki beýanatda aýdylýar. Muny REGNUM habar berýär.

“Sanjym kampaniýasy yglan edilende, dünýä ýeňillik bilen dem aldy, ýöne raýdaşlyk bolmasa, biz bu maksada ýetmekden uzakdadyrys. 130-dan gowrak ýurt entek ýekeje doza hem sanjym almady we iň ejiz ýurtlar häzirki wagtda goralmaýar"-diýip, ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azule belleýär.

Şeýle hem ol ösen ýurtlaryň öz ilatyny sanjym bilen üpjün edýändigine garamazdan, ösýän ýurtlaryň "yzda galýandygyny" we häzirki ýagdaýynda 2022-nji ýyla çenli sanjymlara eýe bolup bilmejekdigini aýtdy.
Beýanatda dünýä jemgyýetçiligini häzirki sanjym strategiýasyny täzeden gözden geçirmäge we sanjymlary “global jemgyýetçiligiň bähbidi” hökmünde görmäge, diňe derman serişdeleriniň iň gowy bahalaryny hödürläp biljekler däl-de, ähli ýurtlar üçin deň esasda elýeterliligi üpjün etmäge çagyryş öz beýanyny tapýar.

düýn 11:31
2.9k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......