Äýnek koronawirusdan gorap bilýärmi?

Äýnek koronawirusdan gorap bilýärmi?

Hindi alymlary pandemiýa döwründe äýnekli adamlaryň artykmaçlygynyň bardygyny anykladylar. Olar äýnekler koronawirus ýokançlygyndan gorap bilýär diýen netijä geldiler. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Alymlar 304 sany COVID-19 hassasy bilen söhbetdeşlik geçirdiler. Gürrüňdeşlikleriň netijesinden görnüşi ýaly, olaryň arasynda diňe 19%-i köplenç äýnek geýýän eken. Netijede, barlagçylar günde 8 sagat äýnek dakýan adamlaryň koronawirus ýokuşma ähtimallygy az diýen netijä geldiler.
Bu, esasan, äýnekli adamlaryň öz gözlerini az elleýändikleri bilen baglanyşykly. Adatça, adam ýüzüne sagatda, ortaça, 23 gezek, gözüne bolsa üç gezek degýär. Äýnek bolsa ýüzüňi ellemegiň sanyny kemeldýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokuşma howpuny azaldýar.