Italýan teleýaýlymy Türkmenistan barada syýahatçylyk wideoroligini görkezdi

  • 23.02.2021 17:24
  • 17k+

Italiýanyň Rai Tre ýaýlymy 21-nji fewralda her ýekşenbe güni agşam ýaýlyma çykýan Kilimangiaro telegepleşiginde Türkmenistan barada wideoşekillerini görkezdi.

ORIENT agentliginiň habar berşi ýaly, Türkmenistan baradaky wideofilm mazmunynda italýan syýahatçylaryny haýran galdyran Aşgabadyň, Merwiň we Köneürgenjiň gözel ýerleri barada wizual hem-de tekst maglumatlaryny saklaýar, şeýle-de köpçülikleýin zyýarat ýeri bolan Dänewdäki metjit barada gürrüň berýär.
Wideonyň awtorlary Türkmenistanyň esasy syýahatçylyk ýerleriniň biri bolan Derwezedäki gaz kraterini hem ünsden düşürmediler we onuň ýüze çykyş taryhyny gürrüň berdiler. Filmde tomaşaçy Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny, milli egin-eşikli adamlary, dürli döwürleriň taryhy we medeni ýadygärliklerini, şeýle-de ýurduň ajaýyp we özboluşly keşbini döredýän tebigy gözelligini synlap biler.
Rai döwlet teleradioýaýlym korporasiýasynyň üçünji ýaýlymy bolan Rai Tre durmuş-medeni ugra has köp üns berýär.
Belläp geçsek, geçen ýekşenbe gününiň agşamky ýaýlymy italýan jemgyýetiniň Türkmenistan bilen ilkinji tanyşlygy däl. Tomaşaçylar bilen geçirilen pikir soraşmanyň netijesi boýunça, Rai Tre teleýaýlymy Türkmenistany 2018-nji ýylda “Taryh” nominasiýasynda syýahatçylar üçin iň gowy ýer diýip atlandyrdy.

şu gün 09:50
1.3k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.7k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......