Puerto-Riko ABŞ-nyň doly hukukly 51-nji ştaty bolup biler

  • 19.02.2021 16:12
  • 6.8k+

Waşington Puerto-Rikonyň ABŞ-nyň düzümine birikmek meselesine garamaly. Şeýle beýanat bilen erkin assosirlenen döwlet bolan Puerto-Rikonyň gubernatory Pedro Pýerluisi çykyş etdi. Bu barada evo-rus.com ýazýar. 

Gubernatoryň aýtmagyna görä, puertorikolylar edil amerikalylar ýaly esasy federal maksatnamalaryna deň derejede elýeterlilik almaga doly hukuklydyrlar.
Ýatlap geçsek, Puerto-Rikoda birnäçe gezek degişli referendumlar geçirildi. Şolaryň netijesinde ýerli ýaşaýjylaryň aglabasy Birleşen Ştatlaryň düzümine goşulmak hem-de 51-nji ştat bolmak üçin ses berdiler. Ýagny, puertorikolylaryň 52%-i ABŞ-nyň doly hukukly ştaty derejesiniň alynmagyny makullady. Bu başlangyjy ýurduň Demokratik partiýasy hem goldady. Puerto-Rikonyň ýaşaýjylary häzir hem ABŞ-nyň raýatlarydygyna garamazdan, olaryň doly raýatlyk hukuklary ýok.
Puerto-Riko 1898-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň çägi hökmünde ykrar edildi. Ýerli ýaşaýjylar 2017-nji ýylda 51-nji ştat hökmünde ABŞ-nyň düzümine goşulmak üçin ses berdiler. Emma ABŞ-nyň Adalat ministrligi kongresdäki ses berişligi goldamady.

düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.4k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

düýn 09:02
1.2k+

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......