McDonald’s gaplary täze dizaýna eýe bolar

  • 17.02.2021 23:44
  • 8.2k+

Dünýä belli tiz tagam ulgamy bolan McDonald’s önümleri üçin gaplaryň daşky görnüşine düýpli üýtgeşmeleri girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada EVO-RUS.COM saýty habar berýär.

Täze dizaýny taýýarlamak bilen Pearlfisher brend agentliginiň işgärleri meşgullanýar. Dizaýnerler nyşanlaryň bähbidine tekstden ýüz öwürmek isleýärler. Olar toruň ähli önümlerini birleşdirýän bitewi wizual stili görkezerler. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, toruň häzirki stili eýýäm köneldi, şonuň üçin ony batyrgaý grafiki çözgütler bilen täzelemek kararyna gelindi. Kompaniýa täze dizaýnyň ýeňillik we şatlyk duýgusyny berjekdigini belleýär. 
Balyk kotletli gamburger Filer-O-Fish üçin gök reňkli tolkunlar ulanylar. Çizburgerler üçin altyn reňkli peýnir ereýän görnüşinde şekillendirilen gap dörediler. Şeýle dizaýn diňe bir täze öwüşgin bermän, eýsem toruň işgärlerine harytlary sargyt boýunça aňsat kesgitlemäge mümkinçilik berer.
McDonald’s soňky gezek 2016-njy ýylda rebrend etdi. Şonda kompaniýa iri ýazgylaryň peýdasyna gaplamadaky bezeglerden ýüz öwürdi. Ondan öň McDonald’s-yň önüm gaplary 2013-nji ýylda üýtgedi.

düýn 23:22
396

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.4k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......