Smartfon şöhleleriniň rak keselini döretmeýändigi subut edildi

  • 16.02.2021 16:57
  • 9.1k+

ABŞ-nyň Milli saglygy goraýyş institutynyň alymlary smartfonlaryň radiasiýasynyň adama näderejede ýaramaz täsir edýändigini kesgitlediler. Barlaglaryň netijesinde, telefonyň rak we beýleki kesellere täsiriniň ýokdugy anyklanyldy. Bu barada oane.ws habar berdi.

Alymlar synag hökmünde tejribehana syçanlaryny günde 9 sagatlap 2G-den 5G-e çenli radiasiýa sezewar etdiler. 10 ýyllyk barlagyň dowamynda awtorlar işläp duran smartfonlaryň janly organizmlere we adam bedeniniň öýjüklerine edýän täsiri barada giňişleýin maglumat goruny edinmegi başardylar. Hususan-da, telefonlaryň rak keseline sebäp bolup biljekdigi baradaky ynanç ýalana çykaryldy. Synag wagtynda bu kesele diňe sanlyja syçan ýolukdy. Alymlar munuň hem telefonyň radiasiýasy zerarly däl-de, genetiki ýa-da dogabitdi patologiýa sebäpli şeýle bolandygyny düşündirdiler.
Şeýle-de bolsa, hünärmenler adam bedeniniň smartfondan çykýan tolkunlaryň täsirini asla duýmaýar diýmekden saklanýarlar. Ýöne bu tolkunlaryň ýaramaz täsiriniň ýokdugy welin anyklanyldy. Sebäbi syçanlaryň sezewar edilen iň gowşak tolkuny hem häzirki zaman telefonynyň çykarýanyndan birnäçe esse güýçlüdi.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......