Beýik Britaniýada COVID-19-a garşy iki dürli sanjymyň garyndysy synagdan geçirilýär

  • 06.02.2021 17:02
  • 4.9k+

Beýik Britaniýada Oksford uniwersiteti we britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca, şeýle-de amerikan kompaniýasy Pfizer tarapyndan döredilen koronawirusa garşy sanjymlary “garyşdyrmak we utgaşdyrmak boýunça” synaglar geçirilýär. Bu derman serişdeleriniň ýetmezçiligi baradaky aladalar bilen baglanyşykly diýip, Angliýanyň baş sanitariýa lukmanynyň orunbasary Jonatan Wan-Tam aýtdy. Bu barada health.sm.news habar berýär.

Synaglar Oksford uniwersiteti tarapyndan geçirilýär. Hökümet bu synaglara 7 mln funt sterling bölüp berer.
Synaglar üçin 50 ýaşdan ýokary 800 meýletinçiden ybarat topar ýygnalýar. Olaryň bir bölegi AstraZeneca sanjymynyň birinji dozasyny, beýleki bölegi Pfizer/BioNTech sanjymyny alar. Birnäçe hepde geçensoň, toparyň ýarysy şol bir sanjymyň ikinji dozasyny alar, galanlary başga sanjym alar.
Synag wagtynda alymlar bu ýagdaýda gorag derejesiniň şol bir sanjymyň iki dozasynyň adaty goýberilmegi bilen deňeşdirilende, näderejede tapawutlanýandygyny anyklamak isleýärler.
Hünärmenler tejribe üstünlikli bolan ýagdaýynda, garyşyk ýa-da saýlama sanjymlary ulanmak bilen uly ýaşly ilatyň sanjymyny aňsatlaşdyrmak bolar diýip hasaplaýarlar. Mundan başga-da, şeýle utgaşdyrma bilen sanjymyň güýjüni ýokarlandyryp bolar diýlip çaklanylýar, sebäbi aýratynlykda olar immun ulgamynyň dürli böleklerine täsir edip bilýärler.

düýn 17:46
1.2k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.3k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......