Netflix geljek ýyl Sonik hakynda köp bölümli multfilm çykarar

  • 03.02.2021 23:02
  • 3.3k+

Netflix striming hyzmaty täsin kirpi Sonigiň başdan geçirmeleri barada köp bölümli multfilmi döretmäge girişdi. Bu barada mybryansk.ru habar berdi.

Häzirki wagtda taslama "Sonik Praým" diýlip atlandyrylyp, ony 2022-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilýär. Multfilm 24 bölümden ybarat bolar.
Täze taslamada Sonik, hemişekiler ýaly, kino älemini animasion betpällerden halas eder. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda bu keşbe ses berjek aktýor hakda hiç hili maglumat ýok. Öňki ses beriji Rojer Kreýg Smit indi taslama gatnaşmak islemeýändigini mälim etdi. Mundan başga-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri "Sonik Filmde" filminiň dowamynyň esasy gahrymanlaryndan biri barada habar berdiler.
Mälim bolşy ýaly, gök reňkli aşa ýyndam kirpi Sonik ilkinji gezek 90-njy ýyllaryň başynda Sega wideo oýnunda orta çykypdy. Şol pursatdan başlap, ol kompaniýanyň esasy maskotyna öwrüldi.

11.06.2026 13:03
7.3k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....