BSGG Beýik Britaniýany köpçülikleýin sanjymlardan ýüz öwürmäge çagyrdy

  • 01.02.2021 15:43
  • 13k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Beýik Britaniýanyň we beýleki döwletleriň ýolbaşçylaryny ilata koronawirusa garşy sanjym etmek meýilnamalaryndan ýüz öwürmäge we derman serişdelerini beýlekiler bilen paýlaşmaga çagyrdy. Bu barada BSGG-niň resmi wekili Margaret Harris habar berýär diýip, iz.ru belläp geçýär.

“Biz saglygy goraýyş ulgamyndaky işgärlere we koronawirusyň ýokuşma howpy ýokary bolan adamlara sanjym edýän ýurtlar derman serişdesiniň beýlekiler üçin elýeterliligini kepillendirmeli diýip hasaplaýarys” – diýip, ol BBC teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi.

Harrisiň aýtmagyna görä, şeýle çemeleşmäni ykdysady we ahlak nukdaýnazaryndan dogry diýip atlandyryp bolar. BSGG-niň wekili soňky döwürde köp makalalarda döwletleriň arasynda berk baglanyşygyň bardygy sebäpli, diňe öz ýurduň ilatyna sanjym etmegiň ýerliksizdigi barada aýdylýandygyny belledi.
Beýik Britaniýada ilat üçin sanjymlar 8-nji dekabrda başlandy. Häzirki wagtda ýurduň ýaşaýjylaryna amerikan kompaniýasy Pfizer bilen german hyzmatdaşy BioNTech-iň, şeýle-de britan-şwed kompaniýasy AstraZeneca bilen Oksford uniwersitetiniň derman serişdeleri sanjym edilýär. Hökümetiň berýän maglumatlaryna görä, sanjymyň iki dozasynyň ilkinjisi eýýäm 7,9 mln adama – patyşalygyň ilatynyň tas 12%-ine berildi.

27.06.2026 20:17
7.1k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.8k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
13k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.9k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......