Kann kinofestiwaly iýul aýynda geçiriler

  • 25.01.2021 00:34
  • 2.9k+

Her ýyl ýazyň ahyrynda Fransiýanyň günortasyndaky Kann şäherinde geçirilýän iri bütindünýä kinoforumy şu ýyl tomsuň ortalaryna çenli süýşüp biler. “Variety”-niň çaklamalaryna görä, festiwal şu ýyl 5-25-nji iýul aralygynda bolar, diýip inc-news.ru habar berdi.

Geçen ýyl ýaryş maksatnamasy üçin filmleriň resmi saýlanylyşy geçirildi, ýöne sanitariýa we epidemiologik ýagdaý sebäpli kino festiwalynyň özi ýatyrylypdy. Guramaçylar bu ýyl beýle ýagdaýyň gaýtalanmajakdygyny wada edýärler. 
Eger-de ýagdaýlar üýtgemän, hemme zat meýilnama boýunça alnyp barylsa, onda Kann kino festiwaly 2021-nji ýyldaky ilkinji iri halkara film çäresi bolar.

şu gün 15:00
1.3k+

Aşgabatda okuwçylaryň arasynda «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdylar...

şu gün 13:21
1.5k+

«Forsažyň» ýyldyzy Win Dizel robot-boksçylar baradaky filmiň ssenarisini ýazar we oňa gatnaşar

«Forsaž» franşizasy boýunça belli bolan aktýor Win Dizel Mattel kompaniýasynyň boksçy robotlar baradaky taslamasynyň ssenariçisi we prodýuseri bolup çykyş eder, şol bir wagtyň özünde-de baş keşbi ýerine ýetirer...

şu gün 13:19
2.2k+

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi ýylyň iň gowy filmlerini saýlady

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi (National Board of Review) «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmini soňlap barýan 2025-nji ýylyň iň gowy filmi diýip atlandyrdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär...

şu gün 12:00
1.3k+

ILPOTY 2025: Emin agzalary halkara peýzaž fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini saýladylar

"Ýylyň halkara peýzaž suratçysy" (International Landscape Photographer of the Year, ILPOTY) halkara bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylaryň iberen 3600 suratynyň arasyndan iň gowularyny saýladylar...