Hindistan koronawirusa garşy sanjym etmek boýunça rekord goýdy

  • 23.01.2021 18:30
  • 17k+

Hindistanda geçen bir günde koronawirus ýokanjyna garşy 347 058 raýata sanjym edildi, bu 16-njy ýanwarda başlanan milli sanjym kampaniýasy üçin rekord boldy. Bu barada TASS habar berýär.

Saglygy goraýyş we maşgala abadançylygy ministrliginiň şenbe güni öz saýtynda habar bermegine görä, sanjymyň ilkinji hepdesinde ýurtda jemi 1 390 592 adama sanjym edildi. 
Ondan öň, bir günde sanjym alanlaryň iň köp mukdary penşenbe güni hasaba alyndy, şonda 237 050 adam sanjym aldy. Şeýlelik bilen, kampaniýanyň ilkinji ýedi gününde sanjym edilen adamlaryň ortaça gündelik sany 198 656-a barabar boldy.
Saglygy goraýyş ministrligi sanjym merkezlerine gelýänleriň sanynyň artýandygyny belleýär. Ilkinji günlerde garaşylyşyndan az adam sanjym aldy: mysal üçin, kampaniýanyň ilkinji gününde 300 müň adamyň sanjym almagy meýilleşdirilipdi, ýöne sanjym üçin 207 229 adam geldi. Soňra sanjym alýanlaryň sany köpelip başlady.
16-njy ýanwarda Hindistanda ýerli häkimiýetler tarapyndan “dünýäde iň ulusy” diýlip atlandyrylan koronawirusa garşy milli sanjym kampaniýasy başlady. Birinji tapgyrda 30 million adamyň – 10 million lukmançylyk işgäriniň we howply ýerlerde işleýän 20 million işgäriň – polisiýa işgärleriniň, harby gullukçylaryň, raýatlary goramagyň edarasyna gulluk edijileriň sanjym almagy meýilleşdirilýär. Soňra 50 ýaşdan ýokary we 50 ýaşa çenli adamlara sanjym ediler (jemi 270 million adam). Hindistan şu ýylyň iýul aýyna çenli 300 million töweregi adama sanjym etmegi göz öňünde tutýar. Sanjym meýletin esasda alnyp barylýar.

15.09.2025 10:38
4.1k+

Hassanyň kesel kesgidi goýlandan soň rahatlanmasyny “Rumpelştilshen täsiri” diýip atlandyrdylar

Lukmanlar gyzykly bir hadysa üns berdiler: käbir hassalar lukmandan keseliniň takyk adyny bilenlerinden soň derrew rahatlyk duýýarlar. Şol sebäpli olaryň saglygy entek bejergä başlanmazdan öň gowlaşyp ugraýar. Amerikaly alymlar bu hadysa doganlar Grimmleriň ertekisindäkä meňzedip “Rumpelştilshen täsiri” diýip at bermegi teklip etdiler...

15.09.2025 10:34
5.2k+

Ekologlar Amazon tokaýlarynyň onlarça keseliň öňüni almaga kömek edýändigini subut etdiler

Daşky gurşawy goraýjylaryň halkara topary arassa tokaýlyklaryň uly meýdany tutýan Amazon sebitlerinde ýangyn bilen baglanyşykly 27 keseliň we zoonoz ýokançlygynyň ep-esli az bolýandygyny anyklady. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň (IUCN) habaryna görä, bu maglumatlar tokaýy çapylan ýerleri dikeltmegiň we agaç çapmagyň çäklendirilmeginiň zerurdygyny tassyklaýar...

12.09.2025 18:14
6.1k+

ÝUNISEF: dünýäde aşa agramly çagalaryň sany 391 milliona ýetdi

Artykmaç agramy bolan 5 ýaşdan 19 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň sany 2000-nji ýyldan bäri iki esse artyp, 391 milliona ýetdi. Bu barada BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) çagalaryň iýmitleniş ýagdaýyna bagyşlanan täze hasabatynda aýdylýar...

11.09.2025 21:25
12k+

Rak keselini bejermegiň iki täze usuly onkologiýa çemeleşmäni düýpli  özgertmegi wada berýär

Onkologiýada iki täze çemeleşme rak keseliniň bejergisini ep-esli üýtgäp biler. Olar barada The Financial Times gazetinde çap edilen makalada aýdylýar. Birinjisi - radioaktiw izotoplary göni çişlere eltmäge mümkinçilik berýän, Şweýsariýanyň Novartis kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen radioligand bejergisidir...