Aşgabatdaky birnäçe söwda we hyzmat kärhanalary hususylaşdyrylar

  • 23.01.2021 12:29
  • 24k+

Aşgabatda döwlet eýeçiligindäki birnäçe söwda dükanlary, restoran we söwda öýi hususylaşdyrylar. Hususylaşdyrmaklyk ol kärhanalaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken bu Kararynyň ýerine ýetirilişine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gözegçilik eder.
Belläp geçsek, bu resminama Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

düýn 15:40
1.2k+

Seljerijiler noutbuklaryň bahasynyň düýpli ýokarlanjakdygyny duýdurýarlar

«Eger häzirki bazar ýagdaýlary dowam etse, noutbuklaryň bölek satuw bahalary 40 göterime çenli gymmatlap biler» diýlip, TrendForce barlag merkeziniň hasabatynda bellenilýär. Bahalaryň ýokarlanmagyna esasy sebäp hökmünde taýýar enjamlara bolan islegiň azalmagy we noutbuklaryň iň zerur şaýlarynyň — ýat we prosessorlaryň gymmatlamagy görkezilýär...

düýn 07:31
7.1k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

11.03.2026 15:08
3.1k+

Samsung TCL-iň telewizor mahabatlarynda QLED diýlip belgilenmegini gadagan etdirdi

Samsung kompaniýasy telewizorlaryň belgilenmegi bilen bagly dowam edip gelen jedelde bäsdeşlerine garşy ilkinji uly ýeňşini gazandy. Mýunheniň sebit kazyýeti Günorta Koreýanyň tehno-ägirdiniň delilleri bilen ylalaşyp, TCL kompaniýasynyň käbir telewizorlaryny «QLED» diýip mahabatlandyrmagynyň alyjylary ýalňyşdyrýandygyny tassyklady...

08.03.2026 17:52
4k+

Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär

Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar...