Türkmenistana ýene-de gar bilen aýaz aralaşýar

  • 20.01.2021 19:10
  • 31k+

Öňümizdäki anna gününe çenli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde howanyň üýtgemegine garaşylýar. Muny Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky döwlet gullugynyň maglumatlary tassyklaýar.

Şu gün gündizine howanyň az-kem maýyl bolandygyna garamazdan, eýýäm 21-nji ýanwarda günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 0 gradusdan -3 gradusa çenli sowuk howanyň bolmagyna garaşylýar, ýagyş we gar gatyşykly ýagyn ýagyp, demirgazyk-günbatardan ugruny üýtgetmeýän şemal öwser. Gijelerine ýagynyň derejesiniň käbir ýerlerde 90%-e çenli bolmagyna garaşylýar. Lebap we Mary welaýatlarynda gündizine howanyň + 19 ... + 20 gradus maýyl bolmagyna garaşylýar.
Ýöne 22-nji ýanwarda howa ýurduň hemme ýerinde diýen ýaly mazaly sowar: howanyň gündizine -2 gradusdan gijesine -6 gradusa çenli durnukly bolmagyna garaşylýar.
Şu günler irden howanyň temperaturasynyň güýçli aşaklaýandygyna gözegçilik edilýär. Mysal üçin, 21-nji ýanwardan 22-nji ýanwar aralygynda gijäniň temperaturasy -2 gradusdan irden -6 gradusa çenli üýtgäp biler.
Şonuň üçin işe ýa-da okuwa gidilende, hökmany suratda ýyly geýinmegiňizi ýatladýarys.

düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.4k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......