BSGG-niň hünärmenleri 14-nji ýanwarda COVID-19-y derňemek üçin Hytaýa geler

  • 11.01.2021 23:46
  • 10k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hünärmenler topary koronawirusyň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklamak üçin 14-nji ýanwarda Hytaýa geler diýip, HHR-iň Gigiýena we saglygy goraýyş baradaky döwlet komiteti habar berdi. Muny TASS-a salgylanmak bilen, russian.rt.com ýetirýär.
Ýaýradylan beýanda bellenilişi ýaly, hünärmenler hytaý alymlary bilen bilelikde derňew işini geçirerler.
Noýabr aýynda BSGG COVID-19 keseliniň ilkinji ýagdaýynyň çeşmesini gözlemegiň Hytaýyň Uhan şäherinde başlajakdygyny aýtdy.
5-nji ýanwarda BSGG-niň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus Hytaý häkimiýetleriniň halkara ylmy hünärmenler toparynyň gelmegine rugsat bermek meselesini yza çekendikleri üçin nägileligini bildirdi. HHR-iň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çuniniň aýtmagyna görä, şeýle gijikdirme “pandemiýada resmi proseduralaryň aýratynlyklary” bilen düşündirilýär.

düýn 23:14
2.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....