Täze ýyl baýramynda smartfonlara çynlakaý synag garaşýar

Täze ýyl baýramynda smartfonlara çynlakaý synag garaşýar

Adatça, Täze ýyl baýramçylygynda smartfonlaryň döwülmek howpy ep-esli ýokarlanýar. Hi-Tech Mail.ru-nyň ýolbaşçysy Dmitriý Rýabinin Sputnik radiosyna bu howpy nädip peseltmelidigi barada gürrüň berdi.

Hünärmen baýramçylyk günlerinde gajetleriň ynanyp bolmajak ýagdaýlara düşýändigini aýdýar. Bu ýyl köpçülikleýin medeni çäreleriň ýatyrylmagy sebäpli bu howpuň azalmagy-da mümkin. Şeýle-de bolsa, howp ýok däl.

"Koronawirus pandemiýasy sebäpli köpçülikleýin çäreleriň köpüsi ýatyryldy we umuman, durmuşymyzyň depgini peseldi. Smartfony ýitirmek, döwmek ýa-da suwa gaçyrmak howpy adatdakysyndan ep-esli azaldy diýip bolar, ýöne barybir howp bar" -diýip, Rýabinin belledi.

Uzak we üznüksiz ulanmak smartfonlaryň daşky gabyna, şeýle hem onuň içinde saklanylýan maglumatlara howp salýar.
Hünärmen bu howpuň öňüni almak maksady bilen, ätiýaçlandyryş üçin bekap etmegi, ýagny smartfonda maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalaryny döretmegi maslahat berdi. Şeýdilende, enjam ýitirilen ýa-da döwülen halatynda hem, iň bolmanda, zerur faýllary we maglumatlary saklap galyp bolar. Elbetde, ätiýaçlyk nusgalary aýratyn saklanmalydyr.

"Eger ätiýaçlyk nusgasy bar bolsa, islendik ýagdaýda gajet abatlanylandan ýa-da täzesi satyn alnandan soň maglumatlary dikeltmek aňsat"-diýip, Ryabinin nygtady.