Lukmanlar Täze ýylda sowgat hökmünde pul gowşurmagyň düzgünlerini aýtdylar

Lukmanlar Täze ýylda sowgat hökmünde pul gowşurmagyň düzgünlerini aýtdylar

Täze ýylda nagt pul howpsuz sowgat däldir, sebäbi ol ýüzlerçe müň adamyň elinden geçip, mikroblaryň aşa köpelýän ýerine öwrülýär. Lukmanlar kagyz pullary we olary bermek üçin niýetlenilen adamy nähili howpsuzlandyrmalydygy barada gürrüň berdiler. Bu barada RIA Nowosti belläp geçýär.

“Dümew wiruslary we koronawirus adatça gaty ýerlerde we ýyly, çygly şertlerde has uzak ýaşaýarlar. Şol bir wagtyň özünde COVID-19 ýylylygy halamaýar. Dezinfeksiýa serişdeleri bilen işlenen ýerlerde ol ölýär” — diýip, Russiýanyň üznüksiz hünär biliminiň lukmançylyk akademiýasynyň wirusologiýa bölüminiň müdiri Ýelena Malinnikowa belleýär.

Eger-de sowuklan adam asgyryp ýetişen bolsa, wirus kagyz pullarda saklanýar. Ýöne gurak, gowy ýelejiredilýän, sowuk ýerde birnäçe sagat durandan soň, onuň üstündäki wiruslar birden azalýar we netijede olar ölýär. Şonuň üçin puly sowgat bukjasyna salmazdan öň, hünärmenler ony minus temperaturada saklamagy maslahat berýärler.

“Koronawirus sowuga gaty duýgur bolýar. Hatda minimal minus hem ony bir sagadyň içinde öldürip bilýär, eger-de sowuk 10 gradus töweregi bolsa, wirusy ýok etmek üçin birnäçe minut hem ýeterlik” – diýip, lukmanlar düşündirýärler.