W.Putin öňki Prezidentiň eldegrilmesizligi baradaky kanuna gol çekdi

  • 23.12.2020 18:54
  • 35k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin täzelenen Konstitusiýa laýyklykda öňki döwlet baştutanyna we onuň maşgala agzalaryna kepillikler baradaky kanuna gol çekdi. Degişli resminama Hukuk maglumatlarynyň resmi internet portalynda çap edildi.

Kanuna laýyklykda, ygtyýarlyklaryndan peýdalanmagyny bes eden prezident jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçilik çekmez, şeýle hem saklanyp, tussag edilip, barlanyp, soraga çekilip ýa-da şahsy gözden geçirilip bilinmez.
Kanun öňki prezidentiň eldegrilmesizliginiň onuň ýaşaýan jaýyna we edara binasyna, ulaglaryna, aragatnaşyk serişdelerine, resminamalaryna we goş-golamlaryna, hat alyşmalaryna hem degişlidigini göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, öňki prezidenti eldegrilmesizlikden mahrum etmegiň tertibi Konstitusiýanyň kadalaryna (Konstitusiýanyň 93-nji maddasy) laýyklykda amala aşyrylýar.

düýn 19:50
12k+

Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli täze kadalar 1-nji maýdan güýje girer

Türkmenistanyň Prezidenti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky resminama gol çekdi. Resminama ýollarda birnäçe düzgün bozulmalary üçin jogapkärçiligiň......

düýn 18:32
1.9k+

Paramount «Call of Duty» oýnunyň esasynda düşüriljek filmiň çykjak wagtyny yglan etdi

Paramount kinokompaniýasy meşhur «Call of Duty» wideooýunlar seriýasynyň esasynda düşüriljek çeper filmiň çykjak senesini resmi taýdan mälim etdi. Filmi 2028-nji ýylyň 30-njy iýunynda çykarmak......

düýn 16:25
2.3k+

Deňiz kirpileri "mineral hazynalarynyň" ýygnaýjylary bolup çykdy

Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan deňiz kirpileri seýrek minerallary ýörite diwertikulalarda ýörite ýygnaýarlar, olar bolsa çökündiniň diňe ýüzden bir bölegini düzýär. Bu barada “Deňiz biologiýasy žurnaly”......

düýn 11:26
4.7k+

Zähmetsöýerligiň dünýä reýtingi: iň işeňňir adamlar nirede ýaşaýar?

Iň dowamly iş hepdesi bolan ýurtlaryň dünýä boýunça sanawynda Butan birinji ýeri eýeledi. Bu ýurtda hepdelik iş wagtynyň ortaça görkezijisi 54,7 sagatdyr. Sanawyň lider ýurtlaryndaky ýokary agram zähmet köp......