Ýaşlara Internet ulgamynyň elýeter bolmagyna gönükdirilen işler çaltlandyrylar

  • 17.12.2020 13:48
  • 9.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen 16-njy dekabrda geçiren iş maslahatynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy Ý.Öwezberdiýewe ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açylmagyny üpjün etmegi maslahat berdi.

Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlap, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklary köpräk geçirmeli diýip, milli Liderimiz öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny görkezdi.
Döwlet Baştutany ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň möhüm ugurlary barada aýtmak bilen, olaryň şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize bolan söýgüsini artdyrylmalydygyna ünsi çekdi.
Ýaşlaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek maksady bilen, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen yzygiderli işleri alyp barmaly, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaly diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek, ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça Internet ulgamynyň elýeter bolmagyna gönükdirilen işleri has hem çaltlandyrmak meseleleri möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

şu gün 09:33
2

Gazagystanda harby gulluga çagyryş sanly görnüşe geçýär

Gazagystanda 2026-njy ýylyň 4-nji iýulyndan başlap, işleri sanly görnüşe geçirmegi göz öňünde tutýan harby gulluga çagyryşy guramagyň we geçirmegiň täzelenen düzgünleri güýje girýär....

şu gün 08:49
172

BMG 2027–2036-njy ýyllary Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen hödürlenen rezolýusiýany kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan 2036-njy ýyla çenli bolan döwür geljekki nesilleriň hatyrasyna......

düýn 23:54
2k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
2k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......