BSGG koronawirusyň çeşmesini anyklamak üçin hünärmenlerini Hytaýa iberer

  • 17.12.2020 12:19
  • 15k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hünärmenleri ýanwar aýynda koronawirusyň çeşmesini anyklamak üçin Hytaýa bararlar. Bu barada missiýanyň agzasy Fabian Lenderts habar berdi diýip, gazeta.ru belläp geçýär.

Ol hünärmenleriň Hytaýyň alymlary bilen maslahatlaşyp başlandyklaryny belledi. Has dogrusy, BSGG-niň hünärmenleri Uhana giderler.

“Gürrüň, günäkär ýurdy tapmak barada däl. Bu näme bolup geçendigine düşünmäge synanyşmak, şeýle hem şol maglumatlaryň esasynda geljekde howpy azaltmaga nähili synanyşyk edip biljekdigimizi anyklamakdyr” – diýip, Lenderts aýtdy.

Hünärmenler wirusyň ilkinji gezek bellige alynmazdan öň ýaýrandygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak isleýärler. Munuň üçin alymlar epidemiýadan öň ýygnalan nusgalary öwrenerler. Şeýle-de, olar wirusyň haýwandan adama geçmeginiň mümkin ýeri bolan Uhanyň bazaryny öwrenerler.
Ýatlap geçsek, koronawirus ýokanjynyň ilkinji ýaýrawy Merkezi Hytaýda 2019-njy ýylyň ahyrynda bellige alyndy. Şondan soň kesel dünýäniň beýleki ýurtlaryna çalt ýaýrady.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....