Adidas “Reebok” brendini satmagy göz öňünde tutýar

  • 16.12.2020 15:24
  • 5.8k+

Sport aýakgaplarynyň we egin-eşikleriň önümçiligi boýunça german konserni Adidas bölünip aýrylan kärhanasy Reebok-y satyp biler. Adidas-da habar berlişi ýaly, gutarnykly karar 2021-nji ýylyň martynda yglan ediler diýip, TASS belläp geçýär.

“Adidas täze bäş ýyllyk strategiýasyny ösdürmegiň bir bölegi hökmünde Reebok üçin strategiki mümkinçiliklere baha berip başlady. Bu strategiki mümkinçilikler Reebok-yň satylmagyny hem-de onuň kompaniýanyň bir bölegi bolup galmagyny öz içine alýar. Karar kompaniýanyň täze strategiýasy resmi taýdan hödürlenilende, 2021-nji ýylyň 10-njy martynda yglan ediler” – diýlip, konserniň saýtynda ýerleşdirilen beýanda aýdylýar.

Amerikan kompaniýasy VFC (Timberland we North Face brendleri) hem-de Hytaýyň sport egin-eşiklerini we aýakgap öndürijisi Anta International Group Holdings şertnama baglaşmaga gyzyklanma bildirýär diýip, “Manager Magazin” nemes neşiri ýazýar.
Adidas Reebok-y 2006-njy ýylda satyn aldy. Kompaniýa öň Reebok brendiniň koronawirus pandemiýasyndan Adidas-a garanyňda has köp zyýan çekendigini habar berdi. 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde Adidas-yň satuwy 33% pese gaçdy, Reebok-yň girdejisi 42% peseldi. Adidas-yň paýnamalarynyň bahasy duşenbe güni geçirilen söwdanyň dowamynda 1,5% ýokarlandy. Şu ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 0,8%, 55,3 milliard ýewro çenli azaldy.

şu gün 08:37
1.1k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

düýn 08:33
3.1k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......