Eýran koronawirusa garşy öz sanjymynyň synaglaryna başlady

  • 10.12.2020 14:32
  • 8.9k+

Eýran koronawirusa garşy öz sanjymynyň adamlarda synag edilip başlandygyny habar berdi. Bu barada çarşenbe güni ýurduň Azyk harytlary we derman serişdeleri boýunça dolandyryş guramasynyň wekili Kiýanuş Jahanpura salgylanyp, Fars agentligi habar berdi.

"Ýurdumyzyň koronawirusa garşy sanjymy adamlarda synag edilip başlandy. Ol aýyň dowamynda meýletinçilerde synag ediler" - diýip, Fars gullugy Jahanpuryň sözlerini getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, sanjym iki dozada 18 ýaşdan 50 ýaş aralygyndaky koronawirus üçin oňyn däl synag netijeleri bolan meýletinçilere  ediler. Sanjymlardan soň antikor we immunitet derejesi barlanar.
Geçen hepde Eýranyň saglyk ministri Said Namaki ýurduň koronawirus sanjymynyň indiki ýazda senagat önümçiligine taýýar boljakdygyna umyt bildirdi.
IRNA gullugynyň habaryna görä, Eýranda öndürilen ýene 3 sany koronawirusa garşy sanjym 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli adamlarda synag etmek üçin taýýar bolar.

düýn 11:31
2.9k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......