«Türkmenpoçta» müşderilerine ýollamalary yzarlamak mümkinçiligini işe girizdi

«Türkmenpoçta» müşderilerine ýollamalary yzarlamak mümkinçiligini işe girizdi

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy www.turkmenpost.gov.tm täzelenen internet sahypasynyň kömegi bilen müşderiler üçin ýurdumyzyň içinde iberilýän ýollamalary yzarlamak hyzmatyny ýola goýdy.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň habar berşi ýaly, bu hyzmaty ulanmak üçin ýollamanyň ýörite poçta anyklaýjy belgisini saýtyň degişli meýdanyna girizmeli. Soňra iberilen ýollamanyň haçan we haýsy poçta bölüminden geçendigini we häzirki ýerleşýän ýerini anyklap bolar.
Trek kod ýollamany yzarlamak üçin ýörite belgi bolup, poçta ýollamasynyň hereketini yzarlamaga mümkinçilik berýär. Bütindünýä poçta birleşiginiň düzgünlerine laýyklykda, trek belgisi (poçta anyklaýjy belgisi) 2 latyn harpyndan, 9 sandan we iberijiniň ýurduny görkezýän 2 latyn harpyndan ybarat bolýar. Haryt iberilende bellenen kod alyja SMS arkaly iberilýär.
Müşderileriň öz ýollamalaryny aňsatlyk bilen yzarlamaklygy üçin täze hyzmatyň kömegi bilen dürli poçta gulluklarynyň we logistika kompaniýalarynyň saýtlaryndan awtomatik usulda maglumat ýygnalýar.