Turkish Airlines anna güni Türkmenabatdan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrar

  • 02.12.2020 23:51
  • 20k+

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçuşy Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ylalaşykda 4-nji dekabrda anna güni sagat 17:05-de meýilleşdirilen. Bu barada ORIENT habar berýär.

Türkiýäniň Aşgabatdaky diplomatik missiýasynyň ýörite uçuş baradaky bildirişine görä, Türkmenistanyň çäginde bolan Türkiýe Respublikasynyň raýatlaryndan we Türkiýä gitmek isleýän raýatlardan gyssagly ýagdaýda anketanyň doldurylmagy we ilçihananyň resmi elektron poçta salgysyna (embassy.ashgabat@mfa.gov.tr) iberilmegi haýyş edilýär.
Türkiýä gitmek isleýän raýatlaryň sanawy ilçihana tarapyndan Turkish Airlines-iň Aşgabat bölümine iberiler (Atatürk köçesiniň 82-nji jaýy, “Berkarar” söwda we dynç alyş merkeziniň A7-A8 otagy / 1-nji gat. Tel: +993-610-144-33), bu ýerde ýörite uçuş üçin petegi satyn alyp bolýar.
Petekleriň bahasy awiakompaniýa tarapyndan her ýolagçy üçin 500 dollar möçberinde bellenilen. Her bir ýolagçynyň ýanyna 30 kg agramly goşy, 8 kg-dan ýokary bolmazlyk şerti bilen el goşuny ýa-da ykjam kompýuter üçin torba, şeýle-de zerur bolan ýagdaýynda goşmaça ýük alyp bilýändigi habar berilýär.

düýn 12:18
1.3k+

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

düýn 12:06
2.6k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

düýn 12:02
1.6k+

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

düýn 12:00
3k+

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...