Türkmen himikleri dünýä derejesinde ähmiýete eýe bolan açyş etdiler

  • 29.11.2020 14:14
  • 13k+

Türkmen alymlary pagta çigidinden biologik antibakterial maddalary we birleşmeleri almagy başardylar diýip, Trend habar berýär.

Barlaghana gözlegleri we derňewleri olaryň zyýansyzlandyryş häsiýetleriniň bardygyny we howa-damja ýoly arkaly geçýän hem-de ýokançlyklary döredýän mikroorganizmlere hem-de aşgazan-içege ulgamynyň kesellerine täsir etmäge ukyplydygyny görkezdi.
Şeýle hem, türkmen himikleri ýodomaly - ýerli çig maldan alnan täze elementi sintezlemegi başardylar. Aýdylmagyna görä, bu antiseptigiň bedeniň öýjüklerine ýaramaz täsiri ýok. Şonuň üçin hem täze elementiň tapylmagyny özboluşly diýip atlandyryp bolar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek  gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi tarapyndan geçirilen gözlegler ýodomalyň dünýäde täsirli antiseptik hökmünde giňden ulanylýan ýodinol bilen birmeňzeş häsiýetiniň bardygyny görkezdi.

düýn 18:19
4.1k+

Mask Starship-iň onunjy uçuşynyň senesini aýtdy. Soňky gezek tizleşdiriji ýarylyp, gämi ýanypdy

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Mask Starship kosmos gämisiniň täze synag uçuşyny yglan etdi. Milliarder X sosial ulgamyndaky sahypasynda Starship-iň prototipiniň onunjy uçuşynyň, takmynan, ýene üç hepdeden, ýagny awgust aýynyň başynda boljakdygyny ýazdy...

düýn 06:27
4.2k+

Hytaýda arynyň beýnisini dolandyrmagy öwrendiler. Ol diýleni 90% ýerine ýetirýär

Pekin tehnologiýa institutynyň alymlary beýnä täsir edýän dolandyryjy arkaly dolandyryp bolýan dünýäde ilkinji kiborg aryny döretdi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Enjamyň agramy 74 milligram bolup, bu arylaryň göterýän şireli haltasynyň agramyndan hem azdyr...

düýn 06:16
2.2k+

Alymlar bagry göçürmezden bejermek üçin sütün öýjüklerini döretdiler

Ýewropaly molekulýar biologlar organyň dokumalaryna netijeli ýapyşýan we çynlakaý zeper ýetmelerde onuň regenerasiýasyny çaltlaşdyrýan bagyr sütün  öýjükleriniň ösdürilip ýetişdirilişini işläp taýýarladylar. Bu açyş sirrozyň agyr görnüşlerinde bagyr transplantasiýasyna alternatiwa bolup biler diýip, Birmingem uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berdi...

15.07.2025 14:21
7k+

NASA Parker enjamynyň Güne iň golaý aralykdan alan wideosyny çykardy

NASA Parker Solar Probe enjamynyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Güne ýakynlaşanda alan ilkinji suratlaryny paýlaşdy. Enjam ýyldyzyň üstünden 6,17 million km uzaklykdan sagatda 687 müň km tizlik bilen uçup geçdi. Görünýän...