ABŞ-da rak keseline garşy sanjymyň kliniki synaglary başlaýar

  • 27.11.2020 18:26
  • 6.7k+

Birleşen Ştatlaryň çäginde hünärmenler rak keseline garşy sanjymyň kliniki synaglaryny geçirýärler diýip, EVO-RUS.COM maglumatlar we täzelik portaly habar berýär.

Hünärmenler bu sanjymy öň haýwanlarda synagdan geçirip, gowy netijeler barada habar berdiler. Indi bu derman serişdesini adamlarda synap görmek tapgyryna geçilýär. Ogaýo uniwersitetiniň işgärleri netijeleri “Oncoimmunology” žurnalynda neşir etdiler.
Soňky onýyllykda rak terapiýasynda iň uly üstünlik immun barlag nokadynyň ingibitorlarynyň işlenip düzülmegi boldy. Bu terapiýa rak öýjükleriniň immun ulgamynyň hüjümlerinden gaçmak üçin ulanýan mehanizmini bökdemegi göz öňünde tutýar.
Rak öýjükleriniň, köplenç, döwýän şeýle mehanizmlerinden biri immun öýjükleriniň üstündäki barlag nokadynyň belogy bolan PD-1-i öz içine alýar. Haçan-da ol sagdyn öýjüklerde hem-de käbir rak öýjüklerinde bar bolan barlag nokadynyň başga bir belogy PD-L1 bilen baglanyşanda, immun öýjügi bu ýerde howply zadyň ýokdugy we hereketini dowam edip biljekdigi barada signal kabul edýär.
PD-1 ingibitorlary öldüriji öýjüklere rak öýjüklerini has netijeli “awlamaga” mümkinçilik berýän dermanlaryň täze toparydyr. Ogaýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan teklip edilen täze bejergi PD1-Vaxx diýlip atlandyryldy. Ol B we T öýjükleriň işjeňligini güýçlendirýär. Olaryň kömegi bilen howply çişiň göwrümi kiçelýär.

düýn 11:31
3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......