Koronawirusa garşy “Sputnik V” sanjymynyň täsirliligi 95%-den geçdi

  • 25.11.2020 18:41
  • 9.2k+

Koronawirus ýokanjyna garşy “Sputnik V” sanjymy 95%-den ýokary netijeliligi görkezdi. Bu görkeziji ilkinji sanjymdan soň 42-nji günde, sanjymyň kliniki synaglaryndan alnan maglumatlaryň ikinji aralyk derňewinde bellige alyndy. Bu barada osnmedia.ru belläp geçýär.

Derman serişdesiniň Twitter-akkauntyndaky maglumatlara görä, ilkinji dozanyň kabul edilmeginden 28-nji günde onuň netijeliligi 91,4%-e ýetdi. Bu sanlar “Sputnik V” sanjymyny ýa-da plasebo alan 18 794 meýletinçiniň netijelerine esaslandy.
N.F.Gamaleýa adyndaky merkeziň müdiri Aleksandr Ginsburgyň aýtmagyna görä, ikinji derňew ikinji sanjymdan bir hepde soň, ýagny derman serişdesini alanlaryň organizmi ikisine-de bölekleýin jogap bereninden soň geçirildi.

“Ikinji immunizasiýadan üç hepde soň, ýagny organizmiň has güýçli we durnukly jogaby gazanylandan soň, maglumatlar seljerilende netijeliligiň hasap görkezijisiniň has hem ýokary boljakdygyna ynanýarys” – diýip, ol belleýär.

Sanjymyň ikinji aralyk derňewi koronawirusyň tassyklanan 39 ýagdaýynyň paýlanmagyna esaslandy. Bular plasebo alanlaryň 31-sinden we 8 sany sanjym edilenlerden ybarat.

05.06.2026 17:46
2.2k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.5k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.2k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......