Türkmenistan SPEKA-nyň Dolandyryş Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

  • 21.11.2020 23:03
  • 2.5k+

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Maliýa we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Dolandyryş geňeşiniň XV mejlisine gatnaşdy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Bu ýylky mejlis Gyrgyzystanyň baştutanlygynda wideo şekil arkaly geçirildi.

Maksatnama gatnaşyjy ýurtlar SPEKA-nyň işini gowulandyrmak, COVID-19 pandemiýasyndan soň sosial we ykdysady dikeldiş meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministr M.Serdarow çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen SPEKA ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklarda ep-esli öňe gidişligiň gazanylandygyny aýtdy. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň maksatnama ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 1 milliard 143,3 million amerikan dollaryna deň boldy, 2019-njy ýylda bu görkeziji 22% ýokarlandy we 1,4 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Şu ýylyň 9 aýynda dünýädäki epidemiologik ýagdaý sebäpli SPEKA ýurtlary bilen söwda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8% azaldy we 921,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu döwürde söwdanyň esasy bölegi Owganystana, Özbegistana we Gazagystana düşdi.

Türkmenistan energiýany, sanly ykdysadyýeti, senagaty, ekologiýany, ulag we söwdany ykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hasaplaýar.

Dolandyryş geňeşiniň mejlisiniň netijelerine esaslanyp, SPEKA agza ýurtlar degişli çözgütleri kabul etdiler.

düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2.3k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
4.4k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....