Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleriň okadylyşy kämilleşdiriler

  • 21.11.2020 12:52
  • 10k+

«Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» taslamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Geldinyýazowyň habar bermegine görä, bu taslama ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä daýanyp, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we hemmetaraplaýyn goldamak barada milli Liderimiziň öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp taýýarlanyldy.

Bu Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak we halkara ülňülere laýyk getirmek bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, ýaşlaryň mekdepde okaýan döwründe özlerine hünär saýlap almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......